Volvo Hytaýda özüniň ilkinji miniwenini hödürlär

  • 25.08.2023 13:44
  • 9.1k+

Şwesiýanyň Volvo kompaniýasy tizerde EM90 elektrik miniwenini görkezdi. Modeli 12-nji noýabrda Hytaýda hödürlemek meýilleşdirilýär diýip, motor1.com belleýär. Bu brendiň taryhynda ilkinji miniwendir.

Deslapky maglumatlara görä, awtomobil Zeekr 009 hytaý miniweniniň esasynda duran SEA1 platformasyna esaslanýar. Volvo EM90 awtoulagy kuwwaty 544 at güýjüne deň bolan elektrik güýç gurluşyna we 140 kWt/s sygymly batareýa eýe bolup biler. Ýol ätiýajy 800 km bolar, awtoulag sagatda 100 km çenli 4,5 sekuntda bat alar.
Volvo EM90 miniweniniň peýda boljak ilkinji bazary Hytaý bolar. Awtomobil üçin sargytlar premýeradan soň kabul edilip başlanar.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....