Xiaomi Hytaýda täze awtomobilini görkezdi

  • 25.08.2023 13:42
  • 17k+

Hytaýda Xiaomi IT ägirdiniň puluna döredilen XiaoPaoChe SC-01 elektrik rodsteri surata düşdi. Kamuflýaž plýonkaly bu sportkar ýol synaglary wagtynda görüldi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Rodsteriň uzynlygy 4085 mm barabar, teker bazasy 2500 mm, awtoulagyň enjamlaşdyrylan agramy – 1300 kg. Awtomobil iki elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilen, güýç gurluşynyň umumy kuwwaty 435 at güýjüne deň, awtoulag sagatda 100 km çenli 3,9 sekuntda bat alýar. Sportkar batareýanyň bir zarýadynda, takmynan, 500 km geçip bilýär. Çak edilişine görä, modeliň önümçiligi 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlar.
XiaoPaoChe brendi geçen ýylyň sentýabr aýynda Hytaýda işe girizildi. Bu brend bilen elektrik sport awtomobilleri çykarylýar. Ol 2016-njy ýylda esaslandyrylan Tianjin Gongjiangpai Auto Technology kompaniýasyna degişlidir. Xiaomi IT ägirdiniň bu kompaniýa onlarça million ýuan maýa goýandygy bellenilýär.


şu gün 09:36
1.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

21.05.2026 11:31
6.1k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....