Alymlar Marsda koloniýa gurmak üçin iň az adam sanyny hasapladylar

  • 25.08.2023 11:10
  • 13k+

Täze barlagyň netijesine görä, Marsda koloniýa döretmek we saklamak üçin bary-ýogy ýigrimi töwerek astronawt ýeterlikdir. Gyzyl planetada adamyň täze öýüni saklamak üçin batyrgaýlaryň şunça mukdary ýeterlik bolar öýdülýär. Öňki çaklamalarda ýüz adam barada gürrüň edilýärdi.

Gözlegçiler, şol sanda Jorj Mason uniwersitetinden (ABŞ) bolan gözlegçiler öňki gözlegleriň netijelerini seljerdiler, netijede, Marsda öz-özüni üpjün edip saklaýan koloniýa döretmek üçin, birnäçe faktorlara esaslanyp, 100-den 500-e çenli astronawtyň zerur boljagyny aýtdylar.
ArXiv-de deslapky neşir hökmünde neşir edilen täze, ýöne öwrenilmedik derňew, täze bir baha almak üçin, şahsyýetiň sosial we psihologiki taýdan özüni alyp barşyny, şeýle hem adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dowamlylygyny göz öňünde tutdy. Alnan netijeler, Marsda kosmos koloniýasyny döretmek we goldamak üçin diňe 22 adamyň ýeterlikdigini görkezýär.


13.06.2026 16:56
1.9k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.6k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.8k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

12.06.2026 06:42
6k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....