Serdar Azmun «Romada» kärendesine çykyş eder

  • 24.08.2023 22:39
  • 15k+

Lewerkuzeniň «Baýeriniň» we Eýranyň milli ýygyndysynyň 28 ýaşly hüjümçisi Serdar Azmun kärendesine italýanlaryň «Roma» klubuna geçýär diýip, žurnalist Fabrisio Romano habar berdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, ylalaşykda oýunçyny 12 million ýewro satyn almak mümkinçiligi hem goşular. Azmun Italiýa 24-nji awgustda agşam geler, ertesi gün «Romada» lukmançylyk barlagyndan geçer.
Azmuny şeýle hem Londonyň «Fulhemi» almaga synanyşdy, emma asly türkmen bolan eýranly futbolçy üçin «Romanyň» portugaliýaly tälimçisi Žoze Mourinýonyň gyzyklanmasy möhüm orun eýeläpdir.
Azmun «Zenitden» «Baýere» 2022-nji ýylyň ýanwarynda geçdi. Hüjümçi lewerkuzenlileriň toparynda 44 oýna gatnaşyp, bäş gol we bäş sany netijeli pas berdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......