BMW täzelenen M3 ulagyny synagdan geçirýär

  • 24.08.2023 17:25
  • 14k+

«BMW» nemes kompaniýasy täzelenen sedan we uniwersal «M3» ulagyny synagdan geçirip başlady diýip, motor1.com habar berýär.

Bellenilmegine görä, awtoulag şekili üýtgedilen yşyklandyryjylar we çyralar bilen üpjün ediler. Şol bir wagtyň özünde, radiator gözenegi, bamper we ulagyň öň tarapy öňküligine galar. Salonda täze dolandyryş paneli we maglumat-güýmenje ulgamy ornaşdyrylar.
Täzelenen awtoulag 473 at güýji kuwwaty bolan üç litrlik hereketlendiriji bilen hödürlener. Şol bir hereketlendirijili, ýöne 503 at güýji kuwwaty bolan nusga hem elýeterli ediler. Täzelenen «BMW M3-iň» tanyşdyrylyşy 2024-nji ýylda geçirilip bilner.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......