Hytaý Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygyny tizleşdirmek üçin Täjigistana maýa goýýar

  • 24.08.2023 17:10
  • 13k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň wise-premýeri He Lifen Täjigistanyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy Zoir Mahmadtoir we Duşenbe şäheriniň häkimi Rustam Emomali bilen “Türkmenistan - Hytaý” gaz geçirijisiniň 4-nji şahasyny gurmak boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Bellenişi ýaly, gaz geçirijiniň 4-nji şahasyny gurmak işini çaltlandyrmak üçin Täjigistanyň energetika pudagyna hytaý maýa goýumlaryny we döwrebap tehnologiýalary çekmek möhümdir.
Ozal habar berlişi ýaly, Täjigistan öz çäginde gaz geçirijini gurmak üçin daşary ýurtlardan näçe hünärmeniň çekiljekdigi barada mälim edipdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz geçiirjiniň 4-nji şahasyny gurmak işini çaltlandyrmak isleýändikleri şu ýylyň ýanwarynda iki ýurduň ýokary derejeli resmi wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşiklerde hem mälim edilipdi. Şu ýylyň maýynda geçirilen “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitinde hytaý tarapy gaz geçirijini gurmak işini çaltlandyrmak isleýändigini ýene bir gezek tassyklady.
Türkmenistandan gözbaş aljak Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinden geçip Hytaýa barjak 4-nji gaz geçiriji şahasy ýurdumyzyň Hytaýa gaz eksportyny umumylykda ýylda 65 milliard kub metre ýetirmäge hem-de üstaşyr geçiriji ýurtlaryň tebigy gaza bolan islegini belli bir derejede kanagatlandyrmaga şert döreder.


düýn 19:01
3.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...