Volkswagen ID.7 elektrik sedanyň ilkinji nusgasyny çykardy

  • 23.08.2023 19:41
  • 10k+

Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasy ID.7 elektrik flagman sedanynyň ilkinji nusgasyny çykardy. Bu barada electrek.co habar berýär.

Şeýle hem täze önüm Volkswagen-iň hataryndaky altynjy elektrik awtoulag modeli bolar. ID.7 sedany 77 kWt kuwwatly çekiş batareýasyny aldy, zarýad bermezden 611 km-e çenli ýöreýär. Soň bolsa, 86 kWt batareýa we 696 km çak edilýän energiýa ätiýaçlygy bilen Pro S modifikasiýasy peýda bolar.
Kompaniýa täze elektrik sedanynyň uzak aralyga syýahat etmek üçin niýetlenendigini, onuň giň we amatly salonynyň hem-de dürli ösen tehnologiýalarynyň bardygyny aýtdy.
ID.7 awtoulaglary Germaniýanyň Emden şäherindäki Volkswagen zawodynda öndüriler. Bu model güýzde Ýewropa bazarynda peýda bolar we ABŞ-ly söwda dellallary ilkinji sedanlary 2024-nji ýylyň başynda alarlar.


21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......