Nowak Jokowiç Karlos Alkarasdan üstün çykyp, Sinsinnatide “Masters”-iň ýeňijisi boldy

  • 21.08.2023 21:38
  • 10k+

Sinsinnatide (ABŞ) geçirilen “Masters” ýaryşynyň soňky oýnunda serbiýaly Nowak Jokowiç (dünýäniň ikinji raketkasy) we Ispaniýanyň wekili Karlos Alkaras (dünýäniň birinji raketkasy) duşuşdy. Jokowiç garşydaşyny 5:7, 7:6 (9:7), 7:6 (7:4) hasabynda utdy we ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Duşuşygyň dowamlylygy 3 sagat 49 minut boldy. Bu döwürde Jokowiç iki gezek eýs etdi, bäş goşa ýalňyşlyk goýberdi we mümkin bolan 16-dan üç breýk-poýnt gazandy. Karlos Alkaras 11 eýs etdi, bäş gezek goşa ýalňyşlyk goýberdi we mümkin bolan ondan dört breýk-poýntden gazandy.
Sinsinnatide ýaryşa pul gaznasy 6 600 000 dollar boldy. Onuň geçen gezekki ýeňijisi horwatiýaly tennisçi Borna Koriçdir.


şu gün 11:31
1.9k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......