Ispaniýa zenanlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempiony boldy

  • 21.08.2023 16:05
  • 8.3k+

Ispaniýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty 2023-de ýeňiji boldy.

Final duşuşygynda ispanlar Angliýanyň milli ýygyndysynyň zenan futbolçylaryndan has güýçli geldiler. Duşuşyk Sidneýiň Olimpiýa stadionynda geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde ýeke-täk pökgini «Realyň» oýunçysy 23 ýaşly Olga Karmona Garsiýa oýnuň 29-njy minutynda geçirdi.
Oýnuň 70-nji minutynda ispanlar 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirip bilmediler – «Paçukanyň» 33 ýaşly hüjümçisi Jenifer Ermozo pökgini tora girizmegi başarmady.
Ispaniýanyň zenanlar ýygyndysy üçin bu taryhdaky ilkinji çempionlyk boldy. Angliýaly zenan futbolçylar bolsa ilkinji gezek ýaryşyň kümüş medallaryna eýe boldular.
19-njy awgustda geçirilen üçünji ýer ugrundaky oýunda bolsa Şwesiýa Awstraliýany 2-0 hasabynda ýeňdi.


düýn 13:51
8.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......