Vivo X100 Pro Plus 200 MP-lik telefotokamera eýe bolar

  • 21.08.2023 12:49
  • 10k+

Täze «Vivo X100 Pro Plus» fotoflagmanynyň esasy aýratynlyklarynyň biri optiki ýakynlaşdyrmak üçin niýetlenen 200 MP durulykly telefotokamerasy bolar.

Bellenilmegine görä, täze «Vivo» smartfony her biri azyndan 50 MP durulykly ýene iki esasy kamera bilen üpjün ediler. Olaryň biri üýtgeýän aperturaly «Sony IMX989» sensory, beýlekisi bolsa «Sony IMX758» sensory bolar.
Şeýle hem «Vivo X100 Pro Plus-da» 120 Gr-e çenli täzeleniş tizligi bolan 6,78 dýuýmlyk ekran, «Snapdragon 8 Gen» prosessory, ultrasesli barmak yzy skaneri we «IP68» standarty boýunça suwa we tozana garşy gorag boljakdygy bellenilýär.
«Vivo-nyň» täze flagmanynyň Hytaýda 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Enjamyň bahasy aýan edilmeýär.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......