«iPhone 15» Apple-iň taryhyndaky iň kuwwatly çalt zarýad beriji bilen üpjün ediler

  • 20.08.2023 11:00
  • 24k+

«Apple» täze «iPhone 15» smartfonlarynda zarýad beriş tizligini ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär diýip, gazeta.ru 9to5mac portalyna salgylanyp habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, täze enjamlar 35Wt zarýad beriji bilen üpjün ediler, bu häzirki iPhone 14 we 14 Plus-dan 15Wt, iPhone 14 Pro we 14 Pro Max-dan 8Wt köpdür. Şeýle aýratynlygyň ähli «iPhone 15» nusgalarynda boljagy ýa-da diňe uly «Pro» nusgasynda ornaşdyryljagy heniz belli däl.
Bu öz smartfonlarynyň zarýad beriş tizligi boýunça, adatça, bäsdeşlerinden yza galýan «Apple» üçin öňe tarap ädimdir. Mysal üçin, häzirki zaman «Android» smartfonlary 67Wt, 80Wt, 120Wt, 150Wt we hatda 240Wt zarýad berijileri hödürleýär. Şeýle-de bolsa, «Samsung-yň» flagman nusgalary 45Wt çenli zarýad üpjünçiligini goldaýar, iň soňky «Google Pixel 7 Pro» smartfony bolsa bary-ýogy 23Wt kuwwatlylygy goldaýar.
Bellenilmegine görä, «Apple» batareýanyň könelmegini üpjün etmeýän has ygtybarly zarýad beriş ulgamyny saýlamak bilen, düýpli üýtgeşmelere taýyn däl.


21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....