ABŞ-nyň ýygyndysy 4x400 metr garyşyk estafetada dünýä rekordyny täzeledi

  • 20.08.2023 10:56
  • 7.8k+

Amerikaly türgenler ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda 4x400 metr aralyga estafetada dünýä rekordyny goýdular. Bäsleşikler Budapeştde dowam edýär.

ABŞ-nyň ýygyndysy jemleýji ýaryşda 3 minut 8,80 sekunt netijäni görkezdi. Oňa Jastin Robinson, Rosi Effiong, Mettýu Boling we Aleksis Holms wekilçilik etdi. Ikinji ýeri Beýik Britaniýanyň topary, üçünji orny Çehiýanyň topary eýeledi.

Bu ugurda ozalky dünýä üstünligem amerikaly türgenlere degişlidi, olar 2019-njy ýylda Katarda geçen dünýä çempionatynda 3 minut 9,34 sekunt netijäni görkezipdiler.

Budapeştde dowam edýän dünýä çempionaty 27-nji awgustda tamamlanar.


06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 17:02
6.6k+

DÇ-2026-nyň stili: geljekki çempionatyň iň gelşikli we gelşiksiz futbol lybaslary kesgitlendi

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna sanlyja günler galdy. Şonuň üçin şu günler esasan futbol, şeýle-de biletleriň gymmatlygy, FIFA-nyň töweregindäki düşnüksiz jedeller we dürli guramalaryň......

21.05.2026 23:19
8.6k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......