Kutahya Seramik dükany öýüň içki bezegi üçin keramika granit önümleriniň giň toplumyny hödürleýär

  • 19.08.2023 21:10
  • 18k+

Ygtybarlylygy, ýokary dereje durnuklylygy we uzak möhlete hyzmat edýändigi, şeýle-de göze gelüwliligi bilen tapawutlanýan keramika granit önümleri bu günki gün öýleriniň interýerini täzelemegi ýüregine düwen adamlar üçin tüýs ýerine düşen çözgüt bolup biler. Keramika granit önümleriniň giň toplumyny islendik ölçeglerde «Kutahya Seramik» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekiliniň dükany hödürleýär.

Italýan tehnologiýalaryna laýyklykda, öndürilýän «Kutahya Seramik» kompaniýasynyň keramogranit plitkalary hil babatda Ýewropanyň abraýly baýraklaryna eýedir.

Pol örtükleri üçin ulanyp bolýar
Daşky durkuny uzak wagtlap üýtgewsiz saklaýan keramogranit köplenç pol örtükleri üçin saýlanyp alynýar. Şeýle hem ol sowuga, çyglylyga çydamly we agyr ýükleri hem göterip bilýär.

Ekologiýa taýdan arassa örtük
Keramogranit önümleri ekologiýa taýdan arassa örtük hasaplanýar. Muny onuň düzümine palçyk, kwars gumy, kaolin we şpat ýaly garyndylaryň goşulýandygy hem tassyklaýar.
Keramogranidi öndürmekde ulanylýan ekologiýa taýdan arassa materiallar olary iýmit önümleriniň golaýynda ulanmak üçin ygtybarlylygy üpjün edýär.

Aýratyn idegi talap etmeýär, arassalamak aňsat
Keramogranit önümleri aýratyn idegi talap etmeýär hem-de ýönekeý çygly zat bilen süpürilende-de ony arassalamak aňsatdyr.
Bu material dürli dizaýn we gurnama işleri üçin ulanyş aňsatlygy, şeýle hem çyglylygy siňdirip biljek deşikleriniň ýoklugy bilen özüne çekýär. Ýerde taýdyrmazlygy üçin hammam otaglaryna düz we taýmaýan örtükli keramogranit plitalary saýlanyp alynýar.
Beýleki aýratynlyklary bilen birlikde, islendik dizaýny saýlamaga mümkinçilik berýän dürli reňk çözgütleri keramograniti myhman we ýatylýan otaglaryň interýerinde ulanmaga hem ýaramly edýär.
«Kutahya» dükany eltip berme hyzmatyny Aşgabadyň çägine mugt ýerine ýetirýär.

Salgysy: Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Senagat zolagy, «NG Kutahya» binasy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
+99365 61-16-11;
+99365 63-92-22.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......