Ford 2024-nji model ýylynyň Bronco wnedorožnigini tanyşdyrdy

  • 19.08.2023 13:51
  • 12k+

Ford kompaniýasy başlangyç bahasy 41 025 dollar bilen hödürlenýän 2024-nji model ýylynyň Ford Bronco kysymly wnedorožnigi bilen tanyşdyrdy.

Ford Bronco 2024 hatary üçin öndüriji 37 430 dollarlyk esasy görnüşiniň ýönekeý bezeginden we kiçi tekerlerinden ýüz öwürdi, şonuň üçin onuň başlangyç bahasy 3595 dollar ýokarlandy. Onuň täze başlangyç wersiýasy Big Bend bolar, ondaky 16 dýuýmlyk diskler 32 dýuýmlyk şinalar örtülen 17 dýuýmlyk tigirler bilen çalşyryldy, LED duman çyralary, deri bilen örtülen dest we ş.m. goşuldy.
Maglumat-güýmenje ulgamynda uly üýtgeşmeler bolup geçdi. Sekiz dýuýmlyk duýgur ekran öz ornuny 12 dýuýmlyk ekrana berdi. Ford, wnedorožnigi müşderileriň isleglerine görä sazlamak üçin, Bronco-nyň esasy modelini hatardan aýyrmak kararyna gelnendigini nygtaýar. Mundan başga-da, bu önümçiligiň wagtyny azaltmaga kömek eder.
10 tizlikli awtomatiki transmissiýaly 2,3 litrlik EcoBoost hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan Everglades-iň bezegi kämilleşdirilen 4 x 4 ulgamy bilen üpjün edilendir.
Badlands wersiýasy täze Heavy Duty Modular bamperini alýar, iň ýokary derejeli Bronco Raptor bolsa iki sany täze reňkde çykar (Shelter Green Metallic and Velocity Blue) we mämişi öwüşginlerini goşýan Code Orange bukjasyny alar.


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....