«Ýuwentusyň» futbolçylary «Loro Piana-dan» geýinerler

  • 18.08.2023 17:04
  • 20k+

Italiýanyň «Loro Piana» modalar öýi «Ýuwentus» professional futbol topary bilen hyzmatdaşlygynyň täzelenendigini habar berdi.

Futbol topary bilen moda brendiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2021/22-nji möwsümde başlandy. Geçen ýyl şertnama diňe 2022/23-nji möwsüm üçin uzaldylman, eýsem, «Ýuwentusyň» zenanlar toparyna-da degişli edildi.

«Öý resmi dabaralardan başlap, 2023/24-nji möwsümiň dowamynda oýundan öňki we oýundan soňky çykyşlara çenli ähli resmi çärelerde oýunçylary geýindirer» diýip, «Loro Piana» modalar öýünde bellediler.

Brend futbolçylar üçin täze egin-eşik nusgalaryny «depginli we özboluşly» diýip atlandyrýar. Olar gök, mawymtyl-çal we gaýmak reňklerinde bolar. Oýunçylar pagtadan polo köýnekleri we nah ýa-da ýüň balaklary geýerler. Täze möwsümde inçe aýratynlyklar bilen nusgawy keşpleriň üsti ýetiriler. Aýakgap hökmünde bolsa deri mokasinler ulanylar.
«Loro Piana» 1924-nji ýylda döredilen italýan kompaniýasy bolup, ýüňden we kaşemirden lýuks egin-eşikleri öndürýär.


düýn 20:28
8.7k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
10k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.3k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7.1k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....