«Ессентуки» mineral suwlarynyň gabynyň dizaýny täzelendi

  • 18.08.2023 11:49
  • 23k+

Dünýä belli «Ессентуки» mineral suwlarynyň öndürijisi bolan «Holding Akwa» kompaniýasy «Ессентуки №4» we «Ессентуки №17» suwlarynyň gabynyň dizaýnyny täzeledi.

Adybelli «Ессентуки» suwlary adaty göwrümlerde çykarylar: «Ессентуки №4» - çüýşe gapda 0,45l we 0,5l, 1 we 1,5l PET; «Ессентуки №17» - çüýşe gapda 0,45l we 1l PET.
Üýtgeşmeler çüýşe we PET gaplara degişlidir. Täze dizaýn ýörite «Ессентуки» brendi üçin işlenip düzüldi we bu suwuň özboluşly aýratynlyklaryny we baý mirasyny nygtaýar. Etiketkasynyň dizaýny öňküligine galdy.
Çüýşe gaplar indi özboluşly şekilde hödürlenilip, gabyň gapdallarynda relýefli elementler — Elbrus dagyndan uçup barýan bürgüdiň şekili we «Ессентуки» ýazgysy ýerleşdirildi.
0,5l PET gap hem çüýşe gabyň şekilini gaýtalar, onuň gapdalynda hem hemmelere mälim bolan logotip ýerleşdirildi.
1 we 1,5 l PET gaplaryň tutuş töwereginde dag gerişleriniň şekilleri, brendiň logotipiniň gaýtalanýan ýazgylary ýerleşdirildi, her gapda «Ессентуки» / «Essentuki» göwrümli ýazgysy bar.
Täze dizaýn indi dükanlaryň polkalarynda hakyky «Ессентуки-ni» tapmak has hem aňsatlaşdy. Mundan başga-da, «Ессентуки-leriň» ýeke-täk öndürijisi «Holding Akwa» rus kompaniýasydyr.
Täzelenen dizaýndaky gaplar ilkibaşda satuwda öň bar bolan irki nusgalar bilen bilelikde peýda bolar.
«Ессентуки №4» we «Ессентуки №17» mineral suwy kalsiý, natriý, magniý, bor, kremniý we başga-da peýdaly minerallary özünde jemleýär. Suwunyň özboluşly düzümi we Kawkaz daglarynyň jümmüşinde emele gelmeginiň aýratyn şertleri mynasybetli «Ессентуки» mineral suwlary tutuş bedene oňyn täsir edýär, beden saglygynyň ätiýaçlyklaryny ýokarlandyrmaga we daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerine (ekologiýa, dartgynlylyk we ş.m.) garşy durmaga, nerw işjeňligini kadalaşdyrmaga, immunitetiň berkidilmegine we sagdyn mikrobiotikler üçin amatly gurşawyň döredilmegine kömek edýär. Bu suwuň 200 ýyllyk baý taryhynyň dowamynda şypahanalarda toplumlaýyn bejergilerde we aşgazan-içege ýollarynyň, bagyryň keselleriniň, endokrin ulgamyň, semremegiň, süýjüli diabetiň, ýokaryky dem alyş ýollarynyň öňüni almakda, COVID-19-soň dikeldiş döwründe «Ессентуки-leriň» ulanylmagynyň kuwwatly ylmy binýady döredildi.

«Ессентуки» mineral suwunyň hakykylygyny, diýmek bolsa, täsirliligini nädip anyklamaly?
«Ессентуки» suwy mineral suwlaryň diňe ГОСТ Р 54316-2020 reýestrinde görkezilen guýulardan Ýessentüki käninden çykarylýar.  Her gapda hökmany suratda önüm hakynda şu maglumatlar görkezilýär:

  • – doly ady «Ессентуки №4» ýa-da «Ессентуки №17»;
  • – Ýessentüki käni görkezilýär;
  • – daglaryň we bürgüdiň logotipi bolmaly;
  • – mineral suwlara ГОСТ Р 54316-2020;
  • – öndüriji: «Holding Akwa».

Öndüriji «Holding Akwa» kompaniýasy ekologiýa laýyk we durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyny saklap, ýylyň-ýylyna PET-gaplarda plastigiň saklanylyşyny azaldýar.
Türkmenistanda «Ессентуки №4» we «Ессентуки №17» mineral suwlaryny «Holding Akwa» kompaniýasynyň resmi distribýutory hödürleýär. Brendiň önümlerini dükanlarda, söwda merkezlerinde, marketpleýslerde satyn alyp bolýar.

Distribýutorlaryň telefon belgileri:
(+993 12) 46 37 87,
(+993 12) 46 37 88.

12.05.2026 15:08
4.1k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.1k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....