Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy hakynda täze goşgusy

  • 18.08.2023 08:34
  • 39k+

17-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparynyň çäklerinde dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny döredendigini aýtdy we ony ajaýyp seýilgäh toplumynyň saýaly oturgyjynda oturan ýerinde okap berdi.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,
Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,
Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Müňýyllykdyr asyrlaryň nurana rowaýaty,
Kömegine mätäçlere — Taňrynyň hemaýaty,
Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty —
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Hormat goýýas päk ruhunyň baýramyna-toýuna,
Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne.
Köpetdagyň eteginde galdy bu gün örboýuna,
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.

Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy.


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......