iPhone we iPad üçin AppStore-den başga-da ykjam goşundy dükany açylar

  • 17.08.2023 09:01
  • 4.1k+

2022-nji ýylyň güýzünde Ýewropa Bileleşiginde ykjam platformalary döredijileri ulanyjylara başga dükanlardan goşundylary gurnamaga rugsat bermäge borçlandyrýan sanly bazarlar barada kanun kabul edildi. Bu ýagdaý, esasan, iPhone we iPad auditoriýasyna goşundylary App Store-den daşary dükanlardan ýüklemegi gadagan eden Apple kompaniýasyna täsir eder diýip, championat.com habar berýär.

Kanun indiki ýylyň başynda güýje girmeli we bazardaky esasy oýunçylar eýýäm bu waka taýýarlyk görýärler. Meşhur Setapp serwisini döredijiler iPhone we iPad üçin öz goşundylar dükanyny açmagy meýilleşdirýärler – eýýäm 30-dan gowrak işläp düzüjiler awtorlaryň pikirini goldadylar we öz goşundylaryny oňa çykararlar. Ol diňe Ýewropada işlär.
Setapp ýylyň ahyryna çenli ähli maglumatlar bilen paýlaşmagy wada berip, ulanyjylara habarlar býulletenine ýazylmagy teklip etdi.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...