Qatar Airways öz uçaryny Formula-1-iň stilinde reňkledi

  • 17.08.2023 11:30
  • 17k+

Kataryň milli awiakompaniýasy Qatar Airways Kataryň Gran-prisiniň şanyna Boeing 777-300ER uçarlarynyň biri üçin ýörite liwreýa hödürledi. Reňkleme işi fýuzelýažda bolid sürüjisini şekillendirmek bilen Formula-1-iň stilinde ýerine ýetirildi. Bu barada championat.com habar berýär. Ýatlap geçsek, Qatar Airways Formula-1-iň hyzmatdaşy we Kataryň Gran-prisiniň titul hemaýatkäridir.

Formula-1-iň häzirki möwsüminde Katardaky tapgyr 6 – 8-nji oktýabrda geçiriler. Dohada möwsümiň alty sprint ýaryşynyň biri geçiriler. Häzirki wagtda Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” öňdebaryjydyr. Awstriýaly toparyň hasabynda 503 utuk bar. Ikinji orny “Mersedes” eýeleýär (247 utuk). Liderleriň üçlügini 196 utuk bilen “Aston Martin” jemleýär.


12.02.2026 04:24
2.1k+

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi...

21.09.2025 21:27
9.5k+

Lýuis Hemilton 15 mln ýewro öz awtomobil kolleksiýasyny satdy

“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi. “Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy...

18.08.2025 08:47
3.3k+

Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi. Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady...

05.08.2025 15:14
5.1k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)...