Gazagystanda sanly teňňe bilen tanyşdyryldy

  • 16.08.2023 23:25
  • 8.8k+

Gazagystanda Milli Bankyň wekilleri sanly teňňe taslamasynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler diýip, respublikanyň Ýokary auditor palatasynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Gazagystanyň Milli bankynyň başlygynyň orunbasary Berik Şolpankulow we “Milli bankyň töleg we maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek merkezi” Paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Binur Žalenow sanly teňňäni synagdan geçirmek we onuň adaty nagt däl töleglerden nähili tapawudynyň bardygy barada gürrüň berdiler.

"Taslamanyň maksady Gazagystanyň milli töleg ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, täze daşarky kynçylyklara uýgunlaşdyrmak" diýip, beýanatda nygtalýar.

Žalenow sanly teňňäniň nagt ýa-da nagt däl pullary çalyşmak üçin niýetlenmändigini – onuň ugurdaş ulanyljakdygyny düşündirdi. Onuň sözlerine görä, sanly walýutanyň birnäçe täsin tehnologiki aýratynlyklarynyň bardygy sebäpli ýurduň töleg ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün eder.


19.06.2026 11:22
4.2k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....