Hytaýda täze daş asyryna degişli zeýkeş turbalary tapyldy

  • 16.08.2023 23:27
  • 17k+

Täze daş asyry döwründe Hytaýyň ýaşaýjylary çylşyrymly inženerçilik gurluşlaryny döretmegi başarypdyrlar. Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary ýurduň iň gadymy keramiki zeýkeş turbalarynyň ulgamyny tapanlaryndan soň şeýle netijä geldiler.

Pinlýan-Taý obasyndan keramiki turbalar we zeýkeş çukurlary tapyldy. Onuň ýaşy 4000 ýyl diýlip çaklanylýar. Şol döwür Lunşan medeniýetiniň döwrüne degişlidir.
Suw turbalary aýratyn segmentler birleşdirilip döredildi. Her segmentiň uzynlygy 30-40 sm, diametri 20-30 sm.
Öňki gözlegler neolit döwründe bu sebitiň howasynyň musson ýagyşlary bilen tapawutlanandygyny görkezdi. Zeýkeş ulgamy artykmaç suwy aýyrmaga mümkinçilik beripdir. Jaýlaryň gapdalyndan ganawlar geçipdir, olardanam suw  keramiki turbalara, soňra bolsa obanyň töwereginden çekilen garymlara akypdyr.


düýn 12:00
3.9k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.8k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......