Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 240 million dollardan geçdi

  • 16.08.2023 08:52
  • 14k+

Türkmenistan bilen Gazagystan özara söwda dolanyşygyny şu ýylyň ilkinji alty aýynda 242,7 million dollara çenli artdyrdy, söwda balansynda türkmen eksportynyň paýy 61,3 million dollardan geçdi. Bu baradaky maglumatlar Gazagystan Respublikasynyň özgertmelerini strategiki meýilleşdirmek boýunça agentligiň Milli statistika edarasy tarapyndan çap edilen hasabatda görkezilýär.

Gazagystanyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen umumy söwda dolanyşygy 67,2 milliard dollara ýetdi, takmynan 17,4 milliard dollar paýy bolan GDA döwletleri ýurduň esasy söwda hyzmatdaşlaryndan biri bolmagynda galýar. Umuman alanyňda, respublika 205 ýurt bilen söwda edýär.
Astananyň esasy söwda we ykdysady hyzmatdaşy Hytaý, Russiýa onda sähelçe yzdadyr. ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda Italiýa - Gazagystan, Merkezi Aziýa sebitindäki goňşularyň arasynda - Özbegistan bilen söwdada öňdebaryjy boldy.
Umumy serhetleri bolan Türkmenistan bilen Gazagystan ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Geçen ýyl ýurtlaryň arasynda eksport-import amallarynyň ösüş depgini rekord 70% -den geçdi. Häzirki wagtda Aşgabat we Astana halkara ulag geçelgeleriniň çäginde harytlaryň üstaşyr geçişini ýokarlandyrmak üçin iş alyp barýarlar.


şu gün 01:02
2.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......