ABŞ-da dünýädäki ilkinji plastik sabyny öndürdiler

  • 15.08.2023 16:47
  • 16k+

Wirjiniýanyň Tehnologiýa Institutynyň (ABŞ) gözlegçiler topary plastmassany gaýtadan işlemegiň täze usulyny oýlap tapdylar. Sabyn, ýuwujy serişdeler we beýleki önümler ýasamak üçin ulanylýan plastmassany surfaktantlara öwürmegiň usulyny tapdylar.

Birbada seretseň, plastmassa bilen sabynyň umumylygy az ýaly. Olaryň dürli dokumalary, daşky görnüşi we ulanylyş usuly bar. Emma molekulalar derejesinde olaryň arasynda baglanyşyk bar. Öňki gözlegler polietileniň himiki gurluşynyň sabynyň deslapky himiki görnüşi hökmünde ulanylýan ýag kislotasyna meňzeýändigini görkezdi. Iki material hem uzyn uglerod zynjyrlaryndan durýar, ýöne ýag kislotalarynyň zynjyryň ahyrynda goşmaça atom topary bar.
Synag wagtynda alymlar uly bolmadyk reaktor ulanyp, polietileni gyzdyrdylar. Aşaky böleginde polimer zynjyrlaryny döwmek üçin temperatura ýokarydy, ýokarky böleginde bolsa ondan soňky zaýalanmagynyň öňüni almak üçin gyzdyryş peseldilýärdi.
Gyzdyrylandan soň alymlar reaktordan maddanyň galyndylaryny ýygnadylar. Ol gysga zynjyrly polietilenden ýa-da has takygy mumlardan ybaratdy. Awtorlaryň pikiriçe, bu plastmassany sabyn görnüşinde gaýtadan işlemegiň usulyny döretmekde ilkinji ädim boldy. Ýene birnäçe tapgyrdan soň, dünýäde ilkinji plastik sabyny ýasadylar.
Alymlar öz tehnikasynyň çylşyrymly katalizatorlary we gymmat proseduralary talap etmeýändigini bellediler. Gaýtadan işlemekligi polipropilen ýaly beýleki plastmassa görnüşleri babatynda hem ulanyp bolar diýip, Science habar berýär.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......