Land Rover Defender Trophy Edition 2023 çykdy

  • 14.08.2023 21:51
  • 15k+

Land Rover Defender-iň ABŞ-nyň bazarynda satuwa çykarylmagy mynasybetli iňlis awtoulag öndürijisi Land Rover Defender Trophy Edition atly ýörite wnedorožnik çykardy.

2023–nji ýylyň Land Rover Defender Trophy Edition-i Defender 130 P400 SE esasly bolup, tutuksy Santorini gara reňkli bezegi, gapy panellerindäki we ätiýaçlyk tekeriniň gapagyndaky altynsow nagyşlary, şeýle-de täze Defender Trophy nyşany bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, awtoulag giňeldilen gara daşky paketi, Ebony Grained deri bezegini we salonyndaky marka nyşanlaryny aldy.
Wnedorožnigiň goşmaça enjamlaryna Pelican Products-yň üçekdäki ýükdany, yza çekilip bilinýän merdiwan, elektrik lebedka, öňdäki we yz tarapdaky suw pürküjiler, teker arkasyny goraýjylar, çekiji kabul ediji, sowuk howa bukjasy, gara açyk yzky halas ediş gurallary, Off-road we Advanced Off -road Capability Pack paketleri, öňdäki gorag aýnasy we bagaž bölümindäki rezin halyçalar girýär.
Bu üýtgeşik bezegli awtoulagyň diňe 230 sanysy goýberiler, olaryň 10-sy Kanadada satylar. Awtoulag uzyn tekerli Defender 130 P400 SE modifikasiýasynda 400 at güýji bolan 6 silindrli ýokary güýçli benzinli hereketlendirijili guruldy.
Defender Trophy Edition 2023-nji ýylyň awgust aýynda bölek satuw bahasy 103 000 dollardan teklip ediler.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....