Toyota täze Land Cruiser Prado 2024-iň ýangyç sarp ediş maglumatlaryny habar berdi

  • 14.08.2023 21:24
  • 20k+

Toyota ABŞ-nyň bazary üçin çykarylan iň täze  Land Cruiser Prado 2024-iň (başgaça ady Prado 250) ýangyç sarp ediş maglumatlaryny yglan etdi. Şol ýerde model 2,4 litrlik turbo hereketlendirijisini, elektrik hereketlendirijisini we 8 tizlikli awtomatiki geçirijini öz içine alýan gibrid elektrik bekedi bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kuwwaty - 326 at güýjüne deň we kombinirlenen aýlawda sarp ediş - 100 km üçin 8,71 litr. Çarçuwaly wnedorožnik üçin, üstesine 300 at güýçli ulaga bu göwnejaýdyr. Esasanam, bäsdeşleriň deňesinde bu makul hasaplanýar.

Deňeşdirmek üçin, EPA-nyň maglumatlaryna görä, 2,3 litrlik hereketlendirijisi bolan Ford Bronco Badlands kombinirlenen aýlawda 100 km üçin 13,8 litr sarp edýär. 2,0 litrlik hereketlendirijisi bolan Land Rover Defender hem 110 km üçin deň mukdarda, ýagny,  13,07 litr sarp edýär. Hatda 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijisi bolan Jeep Wrangler 4xe gibrid 100 km üçin 11,6 litr sarp edýär. Dogry, bu ýagdaýda başga maglumatlar hem bar: eger Jeep Wrangler 4xe-iň çekiş batareýasy doly zarýadlanan bolsa, sarp ediş 100 km üçin 4,8 litre çenli azalýar.
Umuman aýdanyňda, Land Cruiser Prado 2024 özüne meňzeşleriň deňinde gaty gowy görünýär, diňe hakyky ýangyç sarp edilişiniň resmi maglumatlara näderejede laýyk boljakdygyna düşünäýmek galýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......