Alymlar botlaryň CAPTCHA goragyndan adamlara garanyňda tiz hem takyk geçýändigini anykladylar

  • 14.08.2023 10:24
  • 8.4k+

Botlar CAPTCHA-nyň bot hüjümlerinden goragdan, adamlara garanyňda, has çalt we takyk baş alyp çykýar. Irwaýn şäherindäki Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary öz gözleglerinde şeýle netijä gelendiklerini aýtdylar.

Gözlegçiler dünýäde iň meşhur 200 web sahypasyny saýladylar. Olaryň 120-siniň CAPTCHA görnüşindäki botlardan ybarat goragy ulanandygy ýüze çykdy. Soňra 1400 meýletinçi dürli görnüşdäki 10 sany CAPTCHA synagyny çözdi: ýoýlan teksti tanadylar, şekilde “pazl” goýdular, birnäçe suratlary saýlap aldylar we ş.m. Synag wagtynda alymlar CAPTCHA-ny çözmegiň wagtyny we üstünlikli synanyşyklaryň göterimini ölçediler.
Gözlegiň awtorlary alnan maglumatlary awtomatiki botlary synagdan geçiren kärdeşleriniň ölçegleri bilen birleşdirdi. Görnüşi ýaly, ýoýlan teksti 50–84% takyklygy bilen tanamak üçin adama 9-15 sekunt gerek eken. Emeli aňly botlar bolsa şol bir meseläni 99,8% takyklygy bilen bir sekundyň içinde tamamlaýar.
Alymlar şeýle ýönekeý meseleleriň hakyky ulanyjyny botdan tapawutlandyrmaga indi kömek etmeýär diýen netijä geldiler.


düýn 18:36
812

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

12.06.2026 23:56
2.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......