Hyundai täze Santa Fe XRT krossowerini tanyşdyrdy

  • 14.08.2023 10:16
  • 11k+

Hyundai kompaniýasy täze Hyundai Santa Fe krossoweriniň ekstremal XRT görnüşinde elýeterli boljakdygyny tassyklady. Hyundai Santa Fe XRT, modeliň diňe iňlis Land Rover Defender bilen meňzeşligini ýokarlandyrýan, wnedorožnigiň aksessuarlaryny alar.

Awtoulagyň bäşinji gapysyna merdiwan, wetkootboynik tanaplary we yzky gapdal penjiresinde ownuk zatlar üçin guty goşuldy. Ýol tekerleri palçyga durnukly tekerler bilen çalşyryldy. Ätiýaçlyk teker üçekdäki ekspedisiýa ýükdanyna geçirildi.
Awtoulag täze H görnüşli faralar we çyralar bilen enjamlaşdyryldy, şeýle hem daşy has ýokary kaşaň görnüşe getirildi. Hyundai-da aýdyşlaryna görä, täze Hyundai Santa Fe işjeň durmuş ýörelgesini halaýanlar üçin amatly boldy.
Bäşinji nesliň krossoweri uly teker bazasyny we giň yzky gapyny, şeýle-de awtoulagyň eýelerine giňiş ýük meýdançasyny hödürleýär. Ulagyň takyk göwrümi aýan edilmedi, ýöne ikinji we üçünji hatardaky doly eplenen oturgyçlar iň gowy giňişligi üpjün eder diýip, Hyundai kompaniýasynda mälim etdiler.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda krossoweriň iki görnüşde – benzinde işleýän  hereketlendirijili we gibrid görnüşde çykaryljakdygy öňden bellidi. Ýewropada diňe gibrid Santa Fe görnüşi satylar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....