«PSŽ» Neýmaryň transferi babatda «Al-Hilal» bilen ylalaşdy

  • 13.08.2023 23:39
  • 14k+

Parižiň «Pari Sen-Žermen» topary «Al-Hilal» bilen braziliýaly hüjümçi Neýmaryň transferi barada ylalaşyk gazandy diýip, lenta.ru «RMC Sport» neşirine salgylanyp habar berýär.

Çeşmede bellenilmegine görä, şertnama birnäçe günüň dowamynda tamamlanar. Oýunçynyň özi Saud Arabystanynyň çempionatyna geçmäge razylyk berdi.
10-njy awgustda «Al-Hilalyň» Neýmar üçin teklip eden mukdary mälim edilipdi. Toparyň futbolçy üçin 200 million ýewro tölemäge taýýardygy habar berildi. Bu mukdar «PSŽ-niň» tölegini, şeýle hem futbolçynyň zähmet hakyny öz içine alýar.
4-nji maýda Neýmaryň «PSŽ-den» gitmäge taýýardygy habar berildi. Parižiň topary 2023-nji ýylyň tomsunda hüjümçi bilen ýollaryny bölmek isleýär. Futbolçy «Barselona» geçmek üçin aýlyk hakyny azaltmaga taýýardygyny aýtdy.
Neýmar 2017-nji ýylyň tomsundan bäri «PSŽ-de» çykyş edýär. 31 ýaşly oýunçynyň bahasy 60 million ýewro diýlip çaklanylýar. Ol 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli «Barselonada» çykyş edipdi.


şu gün 16:18
2.4k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.8k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....