Roý Jons Fýodor Ýemelýanenka boks düzgünlerine laýyklykda söweşmegi teklip etdi

  • 13.08.2023 14:31
  • 27k+

Boks boýunça dünýäniň absolýut çempiony Roý Jons garyşyk söweş sungatynyň (MMA) russiýaly pälwany Fýodor Ýemelýanenkony boks düzgünlerine laýyklykda söweşmäge çagyrdy. Jons bu barada TASS agentligine habar berdi.

Jons: "Fýodora Maýk Taýson bilen bokslaşmak hökman däl. Meniň bilen söweşibersin ahyry. Munuň diýseň şüweleňli, uly waka boljakdygyna ynanýaryn. Ikimizem rus türgenleri, bu gaty gyzykly bolar" - diýdi.

Ýemelýanenko mundan ozal The MMA Hour portalyna beren interwýusynda dünýäniň öňki absolýut çempiony, amerikaly pälwan Maýk Taýson bilen boks ýaryşyny geçirmek isleýändigini aýdypdy.
Ýemelýanenko 46 ýaşynda, ol garyşyk söweş sungatynda (MMA) 40 ýeňiş gazandy we 7 ýeňlişi bar, ýene bir söweşi hasaba alynmandy. Türgen Pride, Rings we WAMMA guramalarynyň öňki çempiony, dört gezek dünýä çempiony we söweş sambosynda dokuz gezek Russiýanyň çempiony. Häzirki wagtda Ýemelýanenko Russiýanyň MMA bileleşigine ýolbaşçylyk edýär.
Jons 54 ýaşynda. 1-nji iýulda boks oýnunda amerikaly Entoni Pettisden utuldy. Jons ýarym agyr agram derejesinde dünýäniň absolýut çempiony boldy, 1988-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna eýe boldy.


01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....