Şazada Uilýan we Keýt Middlton Karl III-den täze derejeleri aldylar

  • 12.08.2023 14:30
  • 12k+

Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III şazada Uilýama we Keýt Middltona täze harby derejeleri berdi. Bu barada gazeta.ru «The Telegraph» neşirine salgylanyp habar berýär.

Patyşa Karl III Uilýama we Keýte Uelsiň şazadasy we şagyzy derejelerini bermeginden bir ýyla golaý wagtdan soň jübüt goşmaça harby derejelere hem eýe boldy. Keýt Middlton Flotyň harby-howa güýçleriniň serkerdebaşysy, 1-nji Patyşalyk dragun gwardiýa polkynyň we Koninsbidäki Patyşalyk Harby-howa güýçleriniň patyşalyk hormat kommodorynyň serkerdebaşysy hökmünde bellenildi. Şazada Uilýam bolsa Mersiýa polkunyň we Goşunyň howa korpusynyň polkownik-serkerdebaşysy, şeýle hem «RAF Valley-iň» hormatly patyşalyk awiasiýa kommodory boldy.
Patyşalyk maşgalasynyň beýleki agzalaryna hem harby derejeler berildi. Şa aýaly Kamilla Patyşalyk goşunynyň kapellanlarynyň howandary, şagyzy Anna Şotlandiýanyň Patyşalyk polkunyň polkowniginiň orunbasary, Karl III-niň dogany Edinburgyň gersogy Edward bolsa Patyşalyk dragun gwardiýasynyň we gusarlar polkunyň polkownik-serkerdebaşysy wezipelerine bellenildi.


14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...