Ilon Mask Sukerberg bilen söweşiň geçiriljek ýerini aýtdy

  • 12.08.2023 11:52
  • 25k+

Amerikaly işewür Ilon Mask sosial ulgamlardaky sahypasynda milliarder Mark Sukerberg bilen söweşiniň Italiýada geçiriljekdigini aýtdy. Muny gazeta.ru ýetirýär.

“Söweş meniň gaznam we Sukerbergiň gaznasy tarapyndan guralar (UFC tarapyndan däl). Söweş Twitter platformasynda we Meta-da ýaýlyma berler. Kameranyň kadryna düşýän ähli zat gadymy Rimi şekillendirer, hiç hili döwrebaplyk ýok. Men Italiýanyň premýer-ministri we Medeniýet ministri bilen gürleşdim. Olar epiki ýer barada ylalaşdylar. Ähli gazanylan serişdeler weteranlara iberiler” – diýip, Mask ýazdy.

Mask we Sukerberg 2023-nji ýylyň iýun aýynda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) düzgünleri boýunça söweşmek barada ylalaşdylar. Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) başlygy Dana Uaýt söweşi guramak bilen meşgullanjakdygyny we ýaýlymyň satuwyndan geljek girdejiniň 1 mlrd dollardan geçip biljekdigini aýtdy.


düýn 23:43
3.5k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
4.8k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......