Üç şäher 2025-nji ýylda Ýewropanyň ýaşyl paýtagty ady ugrunda göreşer

  • 12.08.2023 11:50
  • 22k+

Gras (Awstriýa), Gimaraýnş (Portugaliýa) we Wilnýus (Litwa) 2025-nji ýylda Ýewropanyň Ýaşyl paýtagty adyna dalaşgär boldy. Bu barada euro-pulse.ru habar berýär.

Gras “ýaşyl” başlangyçlary durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazandy. Mysal üçin, çarşenbe günleri şäherde ýaşaýjylary we myhmanlary etden ýüz öwürmäge çagyrýan Veggie-Day aksiýasy geçirilýär. Gras şäheriň oba hojalygyny işjeň goldaýar: şäheriň çäginde ýokary hilli önümleriň köp görnüşini öndürýän 350 töweregi ferma bar.
Gimaraýnş ýerleri we suwlary “durnukly” peýdalanmakda özüni görkezdi. Şäher taslamalarynyň biri bolan howdan ulgamy biodürlüligi goldamaga we gurakçylygyň ýetirjek täsirleriniň öňüni almaga kömek eder.
Wilnýus şäher meýilnamalaşdyryşynda gazanan üstünlikleri bilen tapawutlandy. Mysal üçin, şäherde ösümlikleriň topragynyň çyglylyk derejesini kesgitlejek intellektual datçikler ulgamy gurnalar.
Ýeňiji 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Ýewropanyň häzirki Ýaşyl paýtagty Tallinde geçiriljek dabarada yglan ediler.
Ýewropanyň Ýaşyl paýtagty tituly 2010-njy ýyldan bäri Ýewrokomissiýa tarapyndan 100 müňden gowrak ilaty bolan şäherlere berilýär. Şäherlere durnukly ösüş pudagynyň hünärmenlerinden ybarat halkara eminler baha berýär. 100 müňden gowrak ilaty bolan dalaşgär şäherlere howanyň we suwuň hili, biodürlüligi goldamak, “ýaşyl” şäher transportyny ösdürmek we “durnukly” ösüş ýaly 12 kriteriýa boýunça baha berilýär. 2024-nji ýylda Ýewropanyň Ýaşyl paýtagty Walensiýa bolar.


14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:07
3.6k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......