World Athletics dünýä çempionatynda goýuljak dünýä rekordy üçin 100 müň dollar tölär

  • 11.08.2023 11:39
  • 13k+

Halkara ýeňil atletika federasiýasy (World Athletics) öz resmi web sahypasynda 19-njy awgustdan 27-nji awgust aralygynda Budapeştde geçiriljek dünýä çempionatynda dünýä rekordyny goýan her bir türgen üçin 100 müň dollar sylag berjekdigini yglan etdi. Ýaryşlara 200 milli ýygyndydan, takmynan, 2000 türgen gatnaşar.

Ýaryşyň erkekler üçin görnüşlerinde tölegleri TDK ýapon elektronika kompaniýasy we aýal-gyzlar üçin görnüşlerinde - halkara federasiýa tarapyndan goldanýan Inside Track platformasy tölär. Şol bir wagtyň özünde, häzirki bar rekordy gaýtalamaýan, diňe täze dünýä rekordyny goýjak türgenler baýrak puluny alarlar. Rekord goýlan ýagdaýynda 4x400 metr aralyga garyşyk estafeta üçin tölegleri hem TDK, hem Inside Track üpjün eder.
Dünýä rekordlaryny goýan türgenlere töleglerden başga-da, Budapeştde geçiriljek dünýä çempionatynda 8 498 000 dollar baýrak gaznasy tölener. Ýeňil atletikaçy türgenler şahsy ýeňiş üçin 70 000 dollar, ikinji ýer üçin 35 000 dollar, üçünji ýer üçin 22 müň dollar, dördünji ýere - 16 müň dollar, bäşinji ýere - 11 müň dollar, altynjy ýere  - 7 müň dollar, ýedinji ýere - 6 müň dollar, sekizinji ýere - 5 müň dollar alarlar. Estafeta ýaryşlarynda çykyş eden her topar aşakdaky möçberdäki puly alar: birinji ýer üçin - 80 müň dollar, ikinji ýer üçin  - 40 müň dollar, üçünji ýer üçin - 20 müň dollar, dördünji ýer üçin - 16 müň dollar, bäşinji ýer üçin - 12 müň dollar, altynjy ýer üçin  - 8 müň dollar, ýedinji ýer üçin - 6 müň dollar, sekizinji ýer üçin  - 4 müň dollar alar.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....