BMW täze sowutlanan sedanyny tanyşdyrdy

  • 11.08.2023 11:05
  • 21k+

«BMW» kompaniýasy «7 Series» kysymly sedanynyň sowutlanan nusgasyny hem-de onuň «i7» kysymly eletrikleşdirilen görnüşini görkezdi. Awtoulag ýolagçylary ot açýan ýaraglardan we partlaýjy serişdelerden goramaga ukyplydyr. Ol VR9 gorag derejesine laýyk gelýär.

«BMW-niň» «ýedinji» kysmynyň daşky gurluşy tutuşlygyna sowutlanan polatdan taýýarlanandyr. Ulagyň «BMW Protection Core» konsepsiýasy berkidilen gapylar, sowutlanan aşaky bölek hem-de ok geçirmez aýnalar bilen utgaşýan gorag kapsulasyny özünde jemleýär.
Şunuň bilen birlikde, «BMW-niň» inženerleri sowutlanan nusgany adaty sedan bilen aratapawudyny iň pes derejä çenli getirmäge çalşypdyrlar. Ulagyň benzin bilen işleýän nusgasynda 530 at güýji kuwwaty bolan 4.4-lik turbomotor ýerleşdirildi, «i7» bolsa 544 at güýji kuwwaty bolan iki sany elektromotor bilen üpjün ediler.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......