Samsung-yň täze eplenýän smartfonlary satuwy boýunça rekord goýdy

  • 10.08.2023 12:28
  • 16k+

Eplenýän «Samsung Galaxy Z Flip5» we «Fold5» smartfonlaryny million adam satyn aldy. Bu barada lenta.ru «GSM Arena» neşirine salgylanyp habar berýär.

Berilýän maglumatlara görä, «Samsung» täze eplenýän flagman smartfonlary üçin öňünden million sargyt almagy başardy. Korporasiýanyň wekilleri bu netijä bir hepdäniň dowamynda ýetendiklerini belleýärler.
Bu netije «Samsung» üçin rekorddyr. Geçen ýyl kompaniýa «Galaxy Z Flip4» we «Fold4» üçin öňünden 970 müň sargyt alypdy. Alyjylar esasan hem «Galaxy Z Flip5-e» isleg bildirýärler, bu eplenýän smartfon üçin 714 müň adam ýüz tutdy, ýagny ol sargytlaryň 70%-ni eýeleýär. «Galaxy Z Fold5» bolsa 306 müň sargyt aldy.

«Biz näme üçin ulanyjylaryň «Galaxy Z Flip5-i» saýlaýandyklaryna düşünýäris – onuň özünden öňki nusgalara görä, ulanmak üçin has amatly bolan uly ekrany bar» diýip, hünärmenler belleýärler.


18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....