Günde müň ädimiň peýdasy subut edildi

  • 10.08.2023 12:17
  • 15k+

Polşanyň Lodz şäheriniň Lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary howply keselleriň, şol sanda ýürek-damar keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygyny peseltmek üçin her gün ädilmeli ädimleriň sanynyň çak edilýänden azdygyny subut etdiler. Barlagyň netijeleri «European Journal of Preventive Cardiology» žurnalynda çap edildi diýip, lenta.ru habar berýär.

Hünärmenler jemi 226 889 adamyň gatnaşmagynda geçirilen 17 sany ylmy işi seljerdiler. Şonuň netijesinde her 500 – 1000 ädimiň howply keselleriň döremek ähtimallygyny belli bir derejede peseldýändigi ýüze çykaryldy. Ýagny goşmaça her 1000 ädim ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny 15%, 500 ädim bolsa 7% azaldýar.
Hatda günde 3967 ädim hem islendik keseliň ähtimallygyny ep-esli derejede azaltmaga ýeterlikdir. Şunuň bilen birlikde, günde ädilmeli ädimiň iň ýokary derejesi ýüze çykarylmady, bu günde 20 müň ädime çenli ýetip biler.
Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň dörtden bir bölegi ýeterlik fiziki işjeňlik görkezmeýär. Esasan hem zenanlar ýeterlik hereket etmeýärler.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......