Täze Hyundai Santa Fe krossoweriniň ilkinji görkeziljek senesi belli boldy

  • 10.08.2023 09:07
  • 13k+

Täze Hyundai Santa Fe krossoweri 2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda hödürlener. Bu barada motor1.com tarapyndan habar berilýär.

Model barada doly maglumat ilkinji görkezilişiň geçjek güni çap ediler, ýöne şeýle-de bolsa, onuň teker bazasynyň ulaldylandygy we öňdäki gyrasy, häzirki krossowere garanda, biraz gysgaldylandygy eýýäm mälimdir. Awtoulagyň täze neslinde giňiş salon we bagaž bolar. Ikinji we üçünji hataryň oturgyçlary tekiz poly emele getirip, ýygnalýar. Öňki panelde iki ekranly (hersi 12,3 dýuýmlyk) gönüburçly modul bar.
Geçirişiň dolandyrylyşyna rul sütünindäki aýratyn saýlaýjy jogap berýär we merkezi tunelde smartfonlara simsiz zarýad bermek üçin iki platforma ýerleşýär.
Awtoulag täze 2,5 litrlik benzin turbo hereketlendirijisini alar. Herekete getiriji – doly.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....