Huawei-iň sürüjisiz dolandyryş ulgamy ornaşdyrylan ilkinji awtoulag tanyşdyryldy

  • 08.08.2023 13:20
  • 12k+

Hytaýyň «Huawei» we «Chery» kompaniýalary «Luxeed» kysymly elektrikli sedany tanyşdyrdylar diýip, lenta.ru habar berýär.

«Luxeed» iki hytaý kompaniýasynyň bilelikde döreden kärhanalarynyň adydyr, täze sedan bolsa bu haryt nyşanynyň ilkinji awtoulagydyr. Elektrikli awtoulag «E0X» platformasynda işlär, onda 700 km üçin niýetlenen «CATL» batareýasy ýerleşdirildi.
Täze ulag «Huawei ADS 2.0» sürüjisiz dolandyryş ulgamy, 11 sany HD kamera, millimetr diapazonly 3 radar we 12 sany ultrases radary bilen üpjün edildi. «Luxeed» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemeklerine görä, bu ulag sürüjisiz 200 km ýol geçmäge ukyplydyr. Ulagy «HarmonyOS 4» operasion ulgamy dolandyrar.
«Huawei» kompaniýasynyň wekilleri «HarmonyOS 4» operasion ulgamy arkaly elektrikli awtoulagy smartfony, noutbugyň we şol ulgamda işleýän beýleki enjamlaryň kömegi bilen dolandyrmagyň mümkindigini belleýärler.
«Luxeed» elektromobili 2023-nji ýylyň üçünji çärýeginde satylyp başlanar.


düýn 09:36
2.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......