Huawei smartfon bazaryna dolanyp gelýär

  • 07.08.2023 12:34
  • 7.9k+

Huawei korporasiýasy smartfon bazarynda ornuny berkidýändigini habar berdi.

«Huawei Consumer Business Group» kompaniýasynyň baş direktory Ýuý Çendun «Huawei Developer Conference 2023» maslahatynda eden çykyşynda 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde «Huawei» kompaniýasynyň Hytaýyň smartfon bazaryndaky ornunyň rekord derejede 76,1% çenli artandygyny belläp geçdi.
IDC guramasynyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde «Huawei» kompaniýasynyň ýerli smartfon bazaryndaky orny 13%-e deň boldy. Bu görkeziji boýunça ol «Xiaomi» bilen deňleşdi we bäşinji orny eýeledi. Bellenilmegine görä, Hytaýyň smartfon bazarynda «Huawei» we «Apple» kompaniýalaryndan başgalarynda ösüş görülmedi.
Özara bäsdeşlige garamazda, «Huawei P60» we eplenýän «Mate X3» telefonlarynyň satuwy gowy netijeler gazandy.


11.06.2026 14:01
8.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.9k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......