Pony.ai we Toyota sürüjisiz taksileriň köpçülikleýin önümçiligini ösdürmek üçin bilelikdäki kärhanany döreder

  • 06.08.2023 18:59
  • 24k+

Sürüjisiz dolandyryş tehnologiýalaryna ýöriteleşýän Pony.ai kompaniýasy Toyota Motor (China/Investment/TMCI/ we GAC Toyota Motor/GTMC) bilen Guançžouda bilelikdäki kärhanany döretmek barada şertnama baglaşdy. Bu barada Sinhua ýazýar diýip, forbes.kz belleýär.

Üç tarapyň bilelikdäki kärhanany döretmek karary doly derejeli sürüjisiz taksileriň köpçülikleýin önümçiligini we geljekde olaryň giň gerimde ulanylyşyny ösdürmäge gönükdirilendir. Täze kärhananyň bir ýylyň dowamynda döredilmegine, maýa goýum möçberiniň bolsa 1 mlrd ýuandan (takmynan, 140 mln ABŞ dollary) geçmegine garaşylýar.
Üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde GTMC kompaniýasy Pony.ai kompaniýasyna L4 awtonom dolandyryş ulgamlary üçin ýörite döredilen, Toyota ätiýaçlyk ulgamlary bilen üpjün edilen, Toyota markasynyň akkumulýatorly elektromobillerini iberer diýlip, Pony.ai-yň beýanynda aýdylýar.
Pony.ai-yň awtonom dolandyryş tehnologiýalary bolan bu awtomobiller Pony.ai-yň PonyPilot+ robotaksi hyzmat platformasy bilen üpjün ediler. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde geljekde robotaksi hyzmatlary ýolagçylar üçin elýeterli bolar.
Pony.ai kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, kompaniýa eýýäm Hytaýyň Guançžou, Pekin, Şanhaý we Şençžen ýaly şäherlerinde jemgyýetçilik ýollary boýunça hereket edýän Toyota we Lexus markaly 200 töweregi robotaksini synag režiminde ulanýar.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......