Dillian Uaýt doping barlagyndan geçip bilmedi, Entoni Joşua bilen söweş ýatyryldy

  • 06.08.2023 18:50
  • 16k+

12-nji awgustda Londonda geçirilmeli britaniýaly super agyr agramly söweşijiler Entoni Joşua (25-3, 22 KO) bilen Dillian Uaýtyň (25-3, 22 KO) arasyndaky söweş ýatyryldy. Bu barada çäräniň promouteri Eddi Hirn öz “twitterinde” habar berdi diýip, championat.com belleýär.

Hirniň aýtmagyna görä, oňa antidoping agentliginiň wekilleri ýüz tutup, Uaýtyň gadagan edilen serişdeler üçin barlagdan geçmändigini habar berdiler. Dillian üçin bu şular ýaly ilkinji ýagdaý däl. Ýakyn wagtda çäre barada täzelenen maglumat neşir ediler.
Şeýle-de, söweşijiniň barlagdan geçmändigi baradaky maglumatyň Britaniýanyň boks geňeşine iberiljekdigi we ýakyn wagtda bu iş boýunça derňewiň başlap biljekdigi habar berilýär.
Dillian Uaýt 36 ýaşynda. Noýabr aýynda geçirilen soňky söweşinde britaniýaly emin agzalarynyň tapawutly karary bilen amerikaly Jermeýn Franklini ýeňdi.


düýn 21:05
2.5k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
5.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

22.05.2026 07:07
6k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.9k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......