ÇAÝ restorany 1 ýaşady. Bu restoran barada nämeleri bilmeli?

  • 05.08.2023 18:20
  • 27k+

Paýtagtymyzda, şeýle hem tutuş ýurdumyzda meşhurlyk gazanan «Çaý» restorany ýaňy-ýakynda 1 ýaşady. Eýsem, «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän bu restoranyň nämesi meşhur?

Dünýäde seýrek duşýan käriň eýesi bu restoranda işleýär
Çaýyň ys hem tagam görkezijilerine baha bermäge, şeýle hem onuň ysyny, düzümini suratlandyrmaga ukyply bolan adama çaý somelýesi diýilýär. Ine dünýädäki seýrek käriň eýesi Türkmenistanda hem bar. Ol «Çaý» restoranynda işleýär. Kähalatlarda çaý somelýeleri çaýyň dünýäniň haýsy künjeginde ösdürilip ýetişdirilendigini kesgitlemäge hem ukyply bolýar. Başgaça oňa titester hem diýilýär. Iňlisçe «tea» (çaý) hem-de «test» (synag) sözleriniň utgaşmasyndan ybaratdyr.

Bu restoranda çaýyň şeýle bir görnüşi kän welin, olary sanap gutaryp bolmazlygy ahmal
Şähdiňi açýan çaý, ýadawlygyňy aýyrýan çaý, gan basyşyňy kadalaşdyrýan çaý, öt halta üçin peýdaly çaý, içege üçin çaý, iýmit siňdirişi gowulandyrýan çaý, çaýdan kokteýl... Çaýyň ynsan saglygy üçin peýdaly aýratynlyklarynyň bardygyny hemmeler tassyklar, emma onuň haýsy görnüşiniň nähili aýratynlyklara eýedigini welin diňe şol ugurdan ökde hünärmenler has anyk aýdyp biler.

Irden hem çaý, agşam-da...
«Çaý» restorany günüňi kofe bilen başlamak ýörelgesini üýtgedip, günüňi çaýdan diňe bir başlap däl, eýsem, günüňi çaý bilen tamamlap bolýandygyny hem ýatladýar. Munuň üçin restoranyň eltip bermek hyzmaty her gün 9:00-dan 22:00-a çenli elýeterlidir. Ýöne şonda-da, restoranda bar bolan çaýlaryň käbir görnüşini içmek üçin hökmüny suratda şol ýere barmaly bolar. Çünki çaý somelýesiniň düşündirmegine görä, çaýlaryň käbir görnüşi gaplara gaplananda peýdaly täsirini gaçyrýar.
«Çaý» restorany sport bilen meşgullanýanlary hem ýatdan çykarmady. Sport bilen meşgullanýanlar üçin türgenleşiklerden soň içilýän çaýdan kokteýl hödürlenilýär.
Çaýyň taýýarlamagyň inçe syrlaryny ylmy esasda öwrenmekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Çaý — melhem hem ylham» kitaby nusga alyndy.

Maşgala bolup dynç almak üçin ýer
«Çaý» restorany bir ýylyň içinde halk arasynda şeýle meşhur bolmagynyň sebäpleriniň biri hem bu ýer maşgala restoranyna öwrüldi. Bu ýerde tutuş maşgalaň bolup dynç almak üçin ähli şertler bar. Restoranda diňe çaý däl, eýsem, tagamlaryň hem dürli görnüşleri bar. Restoranda türkmen hem daşary ýurtlaryň ýörgünli tagamlary hödürlenilýär. Türkmen milli tagamlaryny taýýarlamakda «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan nusga alyndy.

Galyberse-de, işewür duşuşyklary çaý başynda geçiriň
Işewür gepleşikleri edaralarda ýa-da şuňa meňzeş resmi ýerlerde geçirmek islemeýänler üçin «Çaý» restorany tüýs ýerine düşüp biler. Bu ýerde möhüm gepleşikleri, işewür duşuşyklary erkin ýagdaýda çaý başynda geçirmek mümkin.
Bulardan başga-da bu restoranda toý-sadakalaryny, doglan günlerini hem ýokary derejede gurnap bolýar.
«Çaý» restoranyna baranyňyzda çagalaryňyzy hem hökman ýanyňyz bilen alyp geliň, çünki siz maşgalaňyz bilen dynç alýan wagtyňyz körpeler restoranyň çagalar meýdançasynda oýnap bilerler. Ene-atalar bolsa, planşetden çagalaryny yzarlap bilerler.

Eltip bermek hyzmaty bar!
Habarlaşmak üçin telefonlar:
18-00-20; 18-00-30; 18-00-50
Salgysy: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi, 1-nji gat, B-1, 33

19.03.2026 18:11
2.9k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.9k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
11k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.9k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...