«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Moskwa uçuşlar 28-nji oktýabra çenli togtadyldy

  • 04.08.2023 17:50
  • 53k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda togtadylýandygyny habar berdi. Bu barada awiakompaniýa resmi saýtynda habar berdi.

Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlarynda amala aşyrylar.
Awiakompaniýa internet sahypasynda ýolagçylara şu aşakdaky teklipleri hödürleýär:

1. Biletleriň ugruny uçuş ugruny üýtgetmek:
Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugruna berlen biletler, ýolagçynyň razyçylygy bilen, Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryna tölegsiz üýtgediler. Kassalarda bileti gaýtadan almak zerur däl. Ýolagçylar biletde görkezilen senä we wagta görä Aşgabatda we Kazanda howa gämisine münmek üçin bellige alnyp bilerler.

2. Bileti yzyna gaýtarmak:
Aşgabat — Kazan — Aşgabat uçuşlary üçin biletleri üýtgetmek islemeýän ýolagçylara, awiakompaniýanyň häzirki düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar. Yzyna gaýtaryp bermek diňe bilet satyn alnan ýurtda edilýär.

Şeýle hem «Türkmenistan» awiakompaniýasy saýtynda «oňaýsyzlyk üçin ýolagçylardan ötünç soraýar we düşünenleri üçin ýolagçylara sagbolsun aýdýar».


27.01.2026 22:15
14k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.9k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...