Hytaýda kämillik ýaşyna ýetmediklere smartfony günde 2 sagatdan köp ulanmak gadagan ediler

  • 04.08.2023 16:45
  • 16k+

Hytaýyň kibergiňişlik meseleleri boýunça edarasy kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan ykjam gurluşlaryň we internetiň ulanylmagyna berk çäklendirmeleri girizýän taslamany hödürledi. Bu barada championat.com habar berýär.

Kanunyň häzirki redaksiýasy 8 ýaşa çenli çagalaryň smartfony günüň dowamynda 40 minut, 8 ýaşdan 15 ýaşa çenli çagalaryň diňe bir sagat ulanyp bilmegini, 16-17 ýaşyndaky ýetginjekleriň bolsa iki sagatdan köp ulanyp bilmezligini göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, kämillik ýaşyna ýetmedikler gije, ýagny 22:00-dan 6:00-a çenli mobil internetden peýdalanyp bilmezler. Taslama sentýabr aýyna çenli ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de, çäklendirmeleriň öwrediji we sosial ähmiýetli programmalara täsir etmejekdigi bellenilýär.
Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda Hytaýyň häkimiýetleri kämillik ýaşyna ýetmediklere onlaýn oýunlar üçin berlen wagty çäklendirdiler. Häzir hytaýly ýetginjekler Dota 2, Valorant we beýleki oýunlary dynç günleri hem-de baýramçylyk günleri sagat 20:00-dan 21:00-a çenli oýnap bilýärler.


şu gün 16:17
1.4k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....

27.04.2026 11:21
6.4k+

Hytaýly bedenterbiýe mugallymy 30 ýylyň dowamynda 300-e golaý hossarsyz çagany terbiýeledi

Hytaýyň Anşan şäherinden 52 ýaşly bedenterbiýe mugallymy Baý Szýan soňky 30 ýylyň içinde ene-atasynyň gözegçiliginden mahrum bolan 276 çagany öz hossarlygyna aldy....

14.04.2026 20:51
3.9k+

Pekinde adampisint robotlaryň 70-den gowrak topary ýarym marafonyň öňüsyrasynda ylgawa çykdy

Pekinde adampisint (gumanoid) robotlar üçin Hytaýyň taryhynda ikinji gezek geçiriljek ýarym marafona taýýarlyk synaglary başlandy. Oňa ýüzden gowrak robot gatnaşar....

11.04.2026 14:28
4k+

Hytaýda it-pişikler üçin gije-gündiz işleýän teleýaýlym açyldy

Hytaýda öý haýwanlarynyň görüş we eşidiş ukybyna görä ýörite taýýarlanan tölegli teleýaýlym işe başlady. Bu kanal «VIP-ýazylyşygy» bolan müşderiler üçin elýeterli bolup, ol it-pişikleriň nerw ulgamyna oňat......