Täjigistan 2030-njy ýyla çenli Günüň we ýeliň hasabyna elektrik energiýasynyň 10%-ini almagy meýilleşdirýär

  • 04.08.2023 16:43
  • 9k+

Täjigistan 2030-njy ýyla çenli Gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň hasabyna elektrik energiýasynyň 10%-ini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada respublikanyň Energetika we suw baýlyklary ministri Daler Juma metbugat konferensiýasynda aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär.

“Biz bu ugurda häzirki wagtda ösüş boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde kuwwaty 50 MWt-den 450 MWt-e çenli bolan dört taslamany kesgitledik. Olar Sogd welaýatynda gurlar. Häzirki wagtda tehniki-ykdysady esaslandyryş boýunça işler dowam edýär. Biz ýylyň ahyryna çenli taslamalary maliýeleşdirmegiň çeşmelerini kesgitläris” – diýip, ministr habar berdi.

Häzir Täjigistan gidroelektrik stansiýalarynda elektrik energiýasynyň 98%-ini öndürýär. Energetika ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda respublikada elektrik energiýasynyň önümçiligi ýurduň garaşsyzlygynyň ähli döwründe rekord derejä – takmynan, 21,4 mlrd kWt/s ýetdi.


19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

11.05.2026 18:16
5.1k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

30.04.2026 17:05
2.7k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....