Yragyň wekiliýeti gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler

  • 04.08.2023 16:32
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçisi Batyr Rejebow Astanada Yragyň wagtlaýyn ynanylan wekili Jaber Najma Adbullah Al-Temimi bilen duşuşdy diýip, türkmen ilçihanasynyň resmi web sahypasy habar berýär.

Duşuşykda taraplar Yragyň wekilleriniň Aşgabat şäherine saparyny guramagy ara alyp maslahatlaşdylar we olar saparyň dowamynda gün tertibine girizilip bilinjek, Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar.
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde taraplar ýangyç we energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.
Iýul aýynda tebigy gaz bilen üpjün edijileri gözlemek üçin Yrakda gyssagly ýygnak geçirilendigini ýatladýarys. Duşuşyga gatnaşyjylar respublikanyň Türkmenistandan "mawy ýangyjy" import edip biljekdigini bellediler.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

02.06.2026 07:40
5.5k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......