Moskwa — Aşgabat ugry boýunça satyn alnan awiabiletleri Kazanyň üsti bilen uçmak üçin ulanyp bolýar

  • 04.08.2023 12:09
  • 14k+

Moskwa — Aşgabat we Aşgabat — Moskwa ugurlary boýunça satyn alnan awiabiletler Kazan — Aşgabat we Aşgabat — Kazan ugry boýunça uçmak üçin hereket edýär.

«Moskwa — Aşgabat ugry boýunça petekleri bolan ýolagçylary Kazan howa menziline we Aşgabatdan gelýänleri Kazan howa menzilinden Moskwa mugt eltiljekdigini ýatladýarys» - diýip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş edarasy «WKontakte» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda ýazýar.

Ýolagçylardan awiabiletde görkezilen uçuş wagtyndan 3 sagat öň Domodedowo howa menziline gelmek hem-de täzelikleri yzarlamak haýyş edilýär.
TmCars-yň öň habar berşi ýaly, 
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, «Türkmenhowaýollary» tarapyndan amala aşyrylýan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça yzygiderli gatnawlaryň togtadylýandygyny habar berdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriler.


27.01.2026 22:15
14k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara gatnawlarynyň tertibini täzeledi: indi 14 şähere göni uçup bolýar

25-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň milli awiagatnadyjysy halkara gatnawlaryny ýerine ýetirmegiň täze tertibine geçdi. Bu barada Türkmenistan habarlar portaly habar berýär. Indi Aşgabatdan Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň 14 şäherine göni uçuşlar amala aşyrylýar...

25.01.2026 18:53
6.9k+

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

2025-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, işleýär we syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýär...

23.01.2026 18:32
8.6k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli nyrhlary girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy çagalar üçin awiabiletleriň bahalaryna ýeňillikleriň girizilýändigini mälim etdi. Bu täze teklip maşgalasy bilen syýahat edýän ýolagçylar üçin niýetlenendir. Ýeňillik 2 ýaşdan 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin birnäçe halkara ugurlary boýunça amala aşyrylýan gatnawlarda hereket edýär...

12.01.2026 17:52
19k+

Türkmen raýatlary üçin Türkiýä wizalary resmileşdirýän kompaniýa üýtgedildi

Türkmenistanda Türkiýäniň täze wiza merkezi — «Mosaic Visa» açylar. Bu merkez Türkiýe Respublikasyna wiza almak üçin berilýän arzalary kabul edýän resmi operator bolar. Kompaniýanyň sosial ulgamlary arkaly beren maglumatyna görä, ol ýurdumyzda öz işini bes eden «Gateway International» merkeziniň ornuny tutar...