Toyota iň üstünlikli awtoulag öndürijisi boldy we Volkswagen-den öňe geçdi

  • 04.08.2023 12:16
  • 17k+

Toyota birinji çärýekde amal girdejisini iki esse diýen ýaly artdyrdy, muňa söwdanyň we önümçiligiň ösüşi, şeýle hem ýeniň gowşamagy täsirini ýetirdi.

Dünýäniň iň üstünlikli awtoulag öndürijisi iýun aýyna çenli üç aýyň içinde girdejiniň 7,85 milliard dollar bolandygyny, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 94 göterim ýokarydygyny aýtdy. Bu seljerijileriň garaşanyndan has ýokary netijedir.
Kompaniýa bütin dünýäde çärýek boýunça takmynan 2,53 million sany kaşaň Toyota we Lexus awtoulaglaryny satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 8,4 göterim artykdyr we olaryň takmynan 34 göterimi gibrid hem-de beýleki elektrikleşdirilen ulaglardyr.
Deňeşdirmek üçin, Volkswagen Group ikinji çärýekde alyjylara takmynan 2,3 million ulag iberdi, ýöne bu döwürdäki arassa girdejisi, takmynan, 4,16 milliard dollardan azrak boldy.


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......