Ogulgerek Berdimuhamedowa Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň alajalaryny we iş guralyny gowşurdy

  • 03.08.2023 22:37
  • 55k+

Şu gün — 3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurdy.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady.
Taryhy ähmiýetli çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran beýik işlerine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň tarapdary, sportuň dürli görnüşleri we çeper döredijilik bilen meşgullanýan durmuş pursatlaryndan düşürilen surat eserlerine bagyşlanan sergi gymmatlyklary bilen tanyşdyrlar.
Muzeýde goýlan gymmatlyklaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy Mälikguly aganyň şol gazaply uruş ýyllarynda ýazan goşgulary, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döreden eserleri, aýdym-sazlary baradaky maglumatlara möhüm orun berlipdir.
Ogulgerek Berdimuhamedowa öz gezeginde haly dokamagyň özboluşly aýratynlygy, çitimleriniň inçeligi barada gürrüň berdi.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......