Ronaldu kellesi bilen girizen gollarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 03.08.2023 14:32
  • 16k+

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby futbol boýunça arap çempionlarynyň Klublaýyn kubogynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyr oýnunda Tunisiň «Monastirini» utdy. Duşuşyk Er-Riýadda geçirilip, 4:1 hasabynda tamamlandy diýip, sportrbc.ru habar berýär.

“Al-Nasryň” düzüminde Anderson Taliska (42-nji minut), Kriştianu Ronaldu (74), Abdulla Al-Amri (88) we Abdulaziz Al-Aliwa (90) gol geçirdi. Awtogoly öz hasabyna Ali Al-Ujami (66) ýazdy.
Kriştianu Ronaldu bäş oýunlyk golsuz tapgyryny kesip, täze möwsümde ilkinji goluny geçirdi.
Ol resmi oýunda kellesi bilen 145-nji goluny tora girizdi. Bu görkeziji boýunça ol kellesi bilen 144 gol geçiren germaniýaly hüjümçi Gerd Mýullerden öňe geçdi. Üçünji orny ispaniýaly Karlos Santilýana (125) eýeleýär.


düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......